Türkmenistan ÝHHG-nyň mejlisinde GDA Sammitiniň jemleri boýunça çykyş etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ÝHHG-nyň mejlisinde GDA Sammitiniň jemleri boýunça çykyş etdi
Beýannamada Sammite gatnaşyjylaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary bellenilip geçildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň penşenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň jemleri boýunça beýannama bilen çykyş etdi.

Beýannamada Sammitiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary we köpugurly hyzmatdaşlygyň has ýokary derejeleriniň gazanylmagyna gönükdirilip alnyp barylýan bilelikdäki işlere ýokary baha berendikleri bellenilip geçildi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Aşgabat Jarnamasy; GDA gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda sowet halkynyň gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Ýüzlenmesi beýannamada agzaldy.

Aşgabat şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 11-nji oktýabrda, GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi bolsa, 10-njy oktýabrda geçirildi.