AÝM brendiniň milli önümleri Parižde görkezildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÝM brendiniň milli önümleri Parižde görkezildi
Telekeçi N.Täçmyradowa dürli ýurtlaryň wekilleriniň AÝM-niň el keşdesi ýerleşdirilen köýneklerine we zenan donlaryna gyzyklanma bildirendigini mälim etdi.

Zenanlar üçin niýetlenen milli äheňli köýneklerdir dürli görnüşli aksessuarlary işläp taýýarlaýan “Aý Mähri” (AÝM) brendiniň önümleri Parižde görkezildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynyň Kabul edişler zalynda geçirilen sergide AÝM-niň koýnekleri, el torbalary, gulak halkalary we beýleki el işleri sergilendi diýip, brendiň esaslandyryjysy zenan telekeçi Nurjahan Täçmyradowa maglumat berdi.

Dürli ýurtlaryň wekilleriniň, esasan, AÝM-niň el keşdesi ýerleşdirilen köýneklerine we zenanlar üçin niýetlenen donlaryna gyzyklanma bildirendigini mälim eden Täçmyradowa türkmen milliligini dünýä tanatmak maksady bilen şeýle işleri geçirýändiklerini aýtdy.

Nurjahan Täçmyradowa üstümizdäki ýylyň mart aýynda telekeçilikdäki görkezen üstünlikleri üçin “Ýylyň zenany-2019” adyna mynasyp bolupdy.

Brendiň häzirki wagtda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde ýöriteleşdirilen dükany bar.