Türkmen wekiliýeti ABŞ-niň Wiskonsin ştatynyň maliýe tejribesini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti ABŞ-niň Wiskonsin ştatynyň maliýe tejribesini öwrenýär
Üç hepdelik saparyň dowamynda gatnaşyjylar öz ugurlary boýunça degişli edaralaryň we guramalaryň iş ýagdaýlary bilen bagly tejribe gazanyp bilýärler.

ABŞ hökümetiniň Halkara liderlik maksatnamasynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti duşenbe güni Wiskonsin ştatynyň maliýe edaralary bölüminiň edara binasynda iş saparynda boldy.

Bölümiň resmi “Twitter” sahypasynyň habar bermegine görä, duşuşykda bank we karz hyzmatlary, bu hyzmatlaryň onlaýn banking amallarynda, akylly telefonlaryň applikasiýalarynda we nagt däl hasaplaşykda ulanylyşy ýaly meselelerde özara pikir alşyldy.

Duşuşyga ştatyň maliýe edaralary bölüminiň sekretarynyň orunbasary, bank ulgamlary bilen bagly bölümçesiniň direktory, bölümiň karz bileleşikleriniň direktory we beýleki wekilleri gatnaşdylar.

Halkara liderlik maksatnamasy her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan 5,000-e golaý liderlik we iş ukyby ýokary bolan hünärmenleriň ABŞ-niň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni ýagdaýlary bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Üç hepdelik saparyň dowamynda gatnaşyjylar öz ugurlary boýunça degişli edaralaryň we guramalaryň iş ýagdaýlary bilen bagly tejribe gazanyp bilýärler.

2022