Türkmenistanly telekeçiler Hytaýda syýahatçylyk boýunça hünärlerini ýokarlandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanly telekeçiler Hytaýda syýahatçylyk boýunça hünärlerini ýokarlandyrýar
Pekinde geçen ýylyň fewral aýynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Syýahatçylyk bölüminiň we birleşmäniň syýahatçylyk pudagyna degişli agzalarynyň hünärmenleriniň uly topary Hytaýyň Urumçy şäherinde syýahatçylygy ösdürmek boýunça gurnalýan 20 günlük hünär ýokarlandyryş okuw maslahatyna gatnaşýarlar.

17-nji oktýabrdan 5-nji noýabr aralygynda geçýän bu okuwyň esasy maksady – syýahatçylyk ulgamynda strategik ösüşi, marketing, syýahatçylygy ösdürmegiň meýilleşdirilişi, onuň häzirki zaman dolandyrylyşy, bazar ykdysadyýetinde hereket edýän syýahatçylygy alyp barmagyň esaslaryny öwrenmekden we hytaý syýahatçylyk kompaniýalarynyň tejribesi bilen tanyşmakdan ybarat.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda zähmet çekýän ýerli hünärmenleriň mundan beýläk hem dünýä garaýşynyň giňelmegi, hünär derejeleriniň ýokarlanmagy we öňdebaryjy hytaý tejribesini öz ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda ornaşdyrmagy babatynda agzalan okuw maksatnamasynyň uly goldaw berjekdigine garaşylýar.

Pekinde geçen ýylyň fewral aýynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Forumyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda özara bähbitli syýahatçylyk işewürligini has-da giňeltmäge gönükdirilen şertnamalara we ylalaşyklara gol çekilipdi. Resminamalar bu ulgamda iki ýurduň çäklerinde dürli syýahatçylyk çärelerini geçirmek, maýa goýmak, pudak üçin işgärleri taýýarlamak we maglumat alyşmak ugurlaryny özünde jemledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022