Türkmenistan “Petronas” bilen şertnamasyny 2038-nji ýyla çenli uzaltmak isleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Petronas” bilen şertnamasyny 2038-nji ýyla çenli uzaltmak isleýär
Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň Türkmenistana sapary mynasybetli ýurtlaryň arasynda bilelikdäki beýannamada “Petronas” kompaniýasy barada bellenilip geçildi.

Türkmenistan “Petronas” kompaniýasy bilen Hazardaky ýataklary özleşdirmek we önümleri bölüşmek baradaky şertnamany 2038-nji ýyla çenli uzaltmak isleýär.

“Bernama” agentliginiň habaryna görä, bu barada Aşgabatda saparda bolan Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamad ýekşenbe gününiň agşamy geçiren metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Premýer-ministr Mohamad bu islegiň ikiçäk duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülendigini aýtdy.

“Türkmenistanyň Prezidenti ‘Petronas’ kompaniýasynyň Türkmenistanda işjeňligini dowam etdirmegini isleýändigini beýan etdi we 10 ýyl uzaltmak barada belledi” diýip, Malaýziýanyň Premýer-ministri nygtady.

“Petronas Çarigali (Turkmenistan)” kompaniýasy Hazardaky ýataklary özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň ilkinji hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Bu malaýlziýaly maýadar önümleri bölüşmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen 1996-njy ýylda 32 ýyllyk şertnama baglaşypdy we Magtymguly, Diýarbekir we Garagol-Deňiz ýataklarynyň düzümine girýän “Blok-1” deňiz çäginde nebit-gaz almaga we barlamaga rugsatnama aldy. Kompaniýanyň häzirki wagta çenli Hazaryň türkmen bölegindäki nebit-gaz ýataklaryna goýan maýa goýumy 11 milliard Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dollaryna golaýlady.

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamadyň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilelikdäki beýannamada “Petronas” kompaniýasy barada bellenilip geçildi.

“Taraplar iki döwletiň hem ykdysady taýdan gülläp ösmegini çaltlandyrmak maksady bilen, maýa goýumlaryny höweslendirmegiň zerurdygyny ykrar edip, ‘Petronas’ kompaniýasynyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky köpýyllyk oňyn tejribesini bellediler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler” diýlip, Beýannamada aýdylýar.

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Aşgabat saparynyň çäklerinde nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşmak maksady bilen Malaýziýanyň Ykdysady gatnaşyklar ministri Mohamed Azmin Ali bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. 

2022