“Lebapgazçykaryş” müdirligi boýunça şu ýylyň geçen dokuz aýynda tebigy gazyň 6 milliard 487 milliondan gowrak kub metri, gaz kondensatynyň hem 39,500 müň tonna golaýy öndürildi.
Lebap önümçilik müdirliginde geçen döwürde suwuklandyrylan gazyň 92,6 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bu harytlyk önümiň 85,5 müň tonnadan gowragy eksporta ugradyldy.
Türkmenistanyň Gündogar welaýatynda tebigy gazyň gazylyp alynmagy geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda başlandy. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa, welaýatda bu pudagyň täze kärhanalary peýda boldy.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijesinde 1998-nji ýylda Naýyp gaz ýatagynda Italiýanyň “Tehnofrigo” kompaniýasy tarapyndan suwuklandyrylan gaz öndürýän ilkinji desga işe girizildi.
Soňra Naýyp we Bagaja gaz känlerinde Kanadanyň “Thermo Design Engineering Ltd” kompaniýasy tarapyndan türkmen gurluşykçylarynyň gatnaşmaklarynda suwuklandyrylan gaz öndürýän döwrebap desgalar toplumlary guruldy. Harytlyk önümi bolan suwuklandyrylan gazyň köp bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.
2009-njy ýylyň dekabrynda açylan Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi hem öz gözbaşyny Lebap welaýatyndan alýar. Bu transmilli gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 7 müň kilometre golaýdyr.