Türkmenistan 1,800 tonna kaliý önümini Hytaýa ugratdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 1,800 tonna kaliý önümini Hytaýa ugratdy
Ikitaraplaýyn geleşigiň esasynda kaliýniň 1,800 tonnasy iberildi.

Türkmenistan ilkinji gezek Hytaý Halk Respublikasynyň “Çindau” portuna ýerli kaliý önümini iberdi.

Ikitaraplaýyn geleşigiň esasynda kaliýniň 1,800 tonnasy iberildi.

24-nji oktýabrda “Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Lebap welaýatynyň “Kelif” demir ýol bekedinden her birine 40 tonna kaliý ýüklenen jemi 45 sany konteýnerden ybarat bolan “kerwen” “Çindau” portuna ugradyldy.

Bu konteýner kerweni Gazagystan döwletiniň üsti bilen jemi 9688 km aralygy geçer. Bu aralygyň 15 günüň dowamynda geçilmegine garaşylýar.

Kaliý dökünleriniň peýdalanylmagy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, tebigy-howa şertleriniň durnuklylygyna, keselleriň we zyýanly mör-möjekleriň azalmagyna ýardam edýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary geçen ýyl daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan himiýa serişdeleriniň täze birnäçe görnüşini öndürmäge girişdiler.

2018-nji ýylda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça mineral dökünleri öndürmegiň ösüş depgini 108,5 göterim derejesinde üpjün edildi, ýod we tehniki uglerody öndürmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, degişlilikde, 112,1 we 101,3 göterime barabar boldy.

Dünýä bazarynda 2017-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ABŞ, Braziliýa we Hytaý esasy kaliý import edijileri bolup durýar. 2017-nji ýylda dünýä ýüzünde umumy bahasy 12 milliard ABŞ dollaryna deň bolan kaliý döküni import edildi. Hytaý 2017-nji ýylda umumy bahasy 1.45 milliard ABŞ dollaryna deň bolan kaliý dökünini import etdi.

Bu ugurda iň uly eksport ediji ýurt Kanada bolmak bilen, 2017-nji ýylda 4.5 millard ABŞ dollaryna deň bolan kaliý dökünini eksport etdi.