Türkmenistanyň zenan işewürleri Daşkentde “BUSINESS WOMEN EXPO 2019” sergisine gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň zenan işewürleri Daşkentde “BUSINESS WOMEN EXPO 2019” sergisine gatnaşdylar
Özbegistanyň Işewür zenanlar Assosiasiýasynyň guramaçylygynda geçirilen halkara söwda ýarmarkasynda türkmen zenanlary milli halylary we el işlerini görkezdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary bolan işewür zenanlaryň onlarçasy 24-26-njy oktýabr aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen “BUSINESS WOMEN EXPO 2019” atly Halkara söwda ýarmarkasyna gatnaşdylar.

TSTB-den alnan maglumata görä, türkmen işewür zenanlarynyň bu halkara sergä gatnaşmagynda birleşmäniň ýanynda döredilen Işewür zenanlaryň merkezi araçy boldy.

Özbegistanyň Işewür zenanlar Assosiasiýasynyň guramaçylygynda geçirilen halkara söwda ýarmarkasynda türkmen zenanlary milli halylary we el işlerini görkezdiler.

Çärä Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň hem işewür zenanlary gatnaşdylar.

Halkara söwda ýarmarkasynyň çäklerinde “Sebitleýin hyzmatdaşlygyň ugurlary” ady bilen halkara konferensiýa hem geçirilip, telekeçiligi gurnamakda zenanlaryň orny barada çykyşlar diňlenildi.

Bu serginiň ilkinjisi geçen ýylyň noýabr aýynda Daşkent şäherinde geçirilipdi.

Türkmenistanda Işewür zenanlaryň merkezi Türkmenistanyň Zenanlar guramasy we TSTB tarapyndan bilelikde döredildi. Bu merkez işde we işewürlikde türkmen zenanlarynyň özara gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge ýardam etmäge, iş bilen üpjünçiliginde olara goldaw bermäge gönükdirilen.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022