Kopengagen şäherinde çarşenbe güni Daniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Daniýa Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-daniýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Daniýanyň wekiliýetine Daniýa Patyşalygynyň daşary syýasat boýunça ministriniň orunbasary hanym Lizbet Zilmer Jons, türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özarabähbitli türkmen-daniýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şonuň ýaly-da syýasy-diplomatik, maliýe-bank we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda Türkmenistanyň we Daniýa Patyşalygynyň arasyndaky özarahereketleri çuňlaşdyrmagyň aýratyn zerurlygyny nygtadylar.
Şeýle hem şol gün Kopengagende Daniýanyň Senagat Konfederasiýasynyň (CDI) binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu guramanyň we onuň düzümine girýän "Eksport Kredit Fonden" (EKF) bilermenlik-karz agentligi, “Ösüp gelýän ýurtlar üçin maýa goýum gaznasy” (IFU), "AVK International A/S", "FLSmidth A/S", "FURUNO DANMARK A/S" we beýleki birnäçe kompaniýalaryň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem daniýaly kompaniýalar üçin Türkmenistanda iş alyp barmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistandaky ykdysady ýagdaýlar we maýa goýum şertleri, daniýanyň eksportyny biziň ýurdumyzda maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleri we daniýanyň maýasynyň gatnaşmagyndaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.
Taraplar şeýle hem Daniýanyň Senagat Konfederasiýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.