Italýan-amerikan kompaniýasy “Fiat Chrysler” (FCA) bilen Fransiýanyň “Peugeot S.A.” (PSA) kompaniýasy awtomobil önümçiliginde güýçlerini birleşdirmegi meýilleşdirýärler.
Kompaniýalaryň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, täze dörediljek bilelikdäki kärhananyň paýnamalary 50/50 göterimden FCA we PSA-nyň arasynda deň bölüner.
Beýanatda öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda iki kompaniýanyň arasynda Özara düşünişmek boýunça Ähtnama gol çekiljekdigi aýdylýar.
Täze kompaniýa ýyllyk 8.7 million sany awtomobil öndürmek arkaly bu ugurda dünýäniň iň uly dördünji öndürijisi bolmagy maksat edinýär.
FCA-PSA toparynyň ştab-kwartirasy Nederlandiýada ýerleşip, Fransiýa, Italiýa we ABŞ-da dolandyryş merkezleri açylar.
FCA kompaniýasynyň häzirki ýolbaşçysy Jon Elkan bilelikdäki kärhananyň hem ýolbaşçysy bolar. PSA-den Karlos Tawares bolsa, täze kompaniýanyň direktory wezipesine bellener.
Birleşmegiň netijesinde dörejek kompaniýa FCA-nyň Günorta we Latin Amerikasyndaky abraýyndan, PSA-niň bolsa Ýewropadaky ýaýrawyndan peýdalanar.
Täze kompaniýa “Alfa Romeo”, “Chrysler”, “Dodge”, “Fiat”, “Jeep”, “Lancia”, “Ram”, “Maserati”, “Peugeot”, “Citroën”, DS, “Opel” we “Vauxhall” kysymly awtoulaglary bir ýere jemlär. Bilelikdäki topar Parižiň, Milanyň we Nýu-Ýorkyň biržalarynyň sanawyna goşular.
2018-nji ýylda FCA kompaniýasy 4.84 million sany, PSA kompaniýasy 3.88 million sany ulag öndürdi.
Häzirki wagtda kompaniýalaryň zawodlarynda umumylykda 410,000-e golaý işgär zähmet çekýär.