Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Taraplar iki ýurduň hoşniýetli erkine daýanýan migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda penşenbe güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Migrasiýa gullugy öz resmi saýtynda habar berýär.

Duşuşygyň barşynda myhman Germaniýanyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ilçi sözüniň dowamynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurtlaryň ikisi hem soňky ýyllaryň dowamynda halkara giňişliginde birek-birege yzygiderli goldaw berip gelýärler we diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýärler.

Duşuşykda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen uzak möhletli, giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Germaniýanyň hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hoşniýetli erkine daýanýan migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022