Bakuda türkmen-azerbaýjan parlamentara gepleşikleri geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bakuda türkmen-azerbaýjan parlamentara gepleşikleri geçirildi
Taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti duşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynda saparda boldy.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Oktaý Asadow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşine aýratyn üns berildi, bu ugurdaky gatnaşyklary berkitmek mümkinçiligine hem seredildi.  

Şeýle hem, wekiliýet Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky “ASAN’ hyzmat durmuş innowasiýalary we raýatlara hyzmat etmek boýunça Döwlet agentliginiň işi bilen hem tanyşdy. Bu agentlik 2012-nji ýylyň iýul aýynda esaslandyryldy.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda häzirki güne çenli 90 resminama gol çekildi. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 2018-nji ýylda 133 million ABŞ-niň dollaryndan ybarat boldy. Şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda bolsa, haryt dolanyşygy 163 million ABŞ-niň dollaryna ýetdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022