Aşgabatda “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň “EKSPO-2020” sergisine gatnaşmagynyň dünýä bileleşigini ýurduň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdyrjakdygy bellendi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen sişenbe güni duşuşyk geçirildi. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisiniň möhümligi barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, Türkmenistandan wekilleriň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň “EKSPO-2020” sergisine gatnaşmagynyň diňe bir türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň geljekde berkemegine goşant goşman, eýsem, dünýä bileleşigini Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdyrjakdygy we türkmen halkynyň baý medeniýetini görkezjekdigi barada bellediler.

“EKSPO-2020” halkara sergisini Dubaýda geçirmek çözgüdi 2013-nji ýylda Sergileriň Halkara býurosynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda kabul edildi.

“EKSPO – 2020” sergisinde guruljak Türkmenistanyň pawilýony üçin 1581 inedördül metr ýer bölünip berildi. Onuň 976 inedördül metrinde ýurdumyzyň sergi binasy ýerleşer. Bu pawiliýony “Tekmil” hususy kärhanasy gurar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022