“Batly gadam” hususy kärhanasy şu ýyl 1750 gektar meýdandan ilkinji gezek pagta hasylyny ýygýar. Bu barada “Rysgal” gazeti habar berýär.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginden hususy kärhana 11 müň 589 gektar meýdan bölünip berildi. “Batly gadam” tarapyndan häzirki güne çenli özleşdirilen 8 müň 827 gektar meýdanyň 1750 gektaryna pagta ekilipdi.
Şeýlelikde, jorap we ýüplük öndürmek bilen meşgullanýan kärhananyň çig maly özlerinden önýär. Bu iki önümleriň hem içerki hem-de daşarky bazarlarda hyrydary artýar.
Şu günki güne çenli ýüplükleriň onlarça tonnasy Türkiýä, Belarus Respublikasyna, Russiýa we Eýran Yslam Respublikasyna eksport edildi. Dürli reňkli joraplaryň müňlerçe jübüti bolsa, Russiýa, Azerbaýjana, Belarusa we Eýrana goýberildi. Pagtadan öndürilýän ýokary hilli ýüplükler, jorap önümleri ISO toparynyň halkara ekologiki standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýär.
“Batly gadamyň” önümhanasynda bir gije-gündiziň dowamynda 13,5 müň tonna golaý sapak öndürilip, boýag sehine ugradylýar we ol ýerde dürli reňklere boýalýar. Ýörite barlaghanalardan geçirilen bu sapaklardan günde 50 müňe golaý jorap önümleri öndürilýär.
Häzirki wagtda kärhanada 250-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Fabrigiň önümçilik kuwwaty doly işläp başlan ýagdaýynda iş orunlarynyň sanyny 600-e ýetirmek göz öňünde tutulýar.