Aşgabatda geçirilýän neşirýat sergisine hususy pudagyň wekilleri gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda geçirilýän neşirýat sergisine hususy pudagyň wekilleri gatnaşýar
Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň 60-a golaýy sergide ýurduň neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.

Aşgabat şäherinde geçirilýän “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna hususy pudagyň wekilleri hem işjeň gatnaşýar.

Sişenbe güni açylan foruma dünýäniň 16 döwletinden metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, işewür hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, belli ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-tehnologiýalar boýunça hünärmenler, žurnalistler gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Awstriýa, Azerbaýjan, Belarus, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Koreýa Respublikasy, Moldowa, Pakistan, Polşa, Russiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa döwletlerinden wekiller bar.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň 60-a golaýy sergide ýurduň neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.

Sergä gatnaşan “Älem” kitap dükanynyň hünärmeni Gülnar Geldimyradowa bilen geçiren söhbetdeşligimizde Aşgabat şäherinde kitap dükanlarynyň ikisiniň hereket edýändigini belläp, “Dükanymyzda türkmen, iňlis, rus, fransuz, türk, ispan dillerinde çeper we okuw kitaplaryny satyn alyp bolar. “Bägül” toý mekanynyň binasynda we “Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezlerinde dükanlarymyz müşderilere hyzmat edýär” diýdi.

“Galam” kitap dükanynyň esasy hünärmeni Öwlüýaguly Döwletow dünýäniň nusgawy ýazyjylarynyň kitaplaryny satyn alyp boljak dükandan şol bir wagtda hem, kanselýar harytlaryny almagyň mümkindigini belledi. Bu kitap dükana degişli ýörite saýt arkaly söwda edip boljakdygyny bellän hünärmen, kitaplary sargytlar esasynda hem getirdip bolýandygyny nygtady.

“Buşluk” hojalyk jemgyýetiniň menejeri Aýna Taňryberdiýewa hödürleýän hyzmatlary barada aýdyp, özleriniň esasan-da mahabat işlerini ýerine ýetirýändiklerini belledi. Dürli görnüşli bezegleri, çyralary, ýol belgilerini, gapy belliklerini ýasaýandyklaryny aýdan hünärmen müşderiniň islegine görä önümi taýýarlap berýändiklerini belledi.

Çarşenbe güni öz işini tamamlaýan kitap we neşirýat sergisine gatnaşan guramalara we kärhanalara ýörite diplom gowşurylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022