“Türkmengaz” “Haldor Topsoe” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” “Haldor Topsoe” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär
“Haldor Topsoe” kompaniýasynyň wekilleri Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň TIGAS tehnologiýasyny dünýä tanadýandygyny bellediler.

“Türkmengaz” döwlet konserni Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmegi meýilleşdirýär.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Myratgeldi Meredow kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalary barada habar berip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna bu Ähtnamanyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleriň utgaşykly esasda dowam etdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, iri nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tabşyryklary berdi.

“Haldor Topsoe” kompaniýasynyň katalizatorlar bilen utgaşyklykda ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýän TIGAS tehnologiýasy ilkinji gezek senagat möçberinde iýun aýynda açylan Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynda ulanyldy.

Zawodyň açylyşy mynasybetli geçirilen birifingde kompaniýanyň wekilleri bu zawodyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň tehnologiýasyny dünýä tanadýandygyny belläp geçipdiler.

Oktýabr aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni we Ýaponiýanyň “Kawasaki” hem-de “Sojitz” kompaniýalary toparynyň arasynda gazdan benzin öndürýän häzirki zawodyň netijeleriniň esasynda ikinji toplumynyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama hem gol çekildi.

“Haldor Topsoe” kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, TIGAS tehnologiýasy esasynda gaýtadan işlenen tebigy gazdan çykýan önümiň 85 göterimden gowragy benzin, 11-13 göterimi bolsa, suwuklandyrylan uglewodorod gazy bolup durýar.