Telekeçilik ýoluna mebel önümçiligi bilen başlan “Parahat” hususy kärhanasy 2013-nji ýyldan başlap azyk senagatyna ünsi güýçlendirdi. Soňky 6 ýylyň içinde daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ýerini tutýan harytlary öndürmegi maksat edinen kärhanada “Joş” we “Eçil” haryt nyşanly miwe şireleri, “Dat” haryt nyşanly tomat önümleri, “Süýtli dere” we “Däp” atly süýt we süýt önümleri, “Han” sowuk çaýlary, “Özi” we “Arma” haryt nyşanly gazly we gazsyz içgiler, “Ýeserje” ady bilen çaga iýmitleri, şeýle hem şöhlatlaryň dürli görnüşleri öndürilýär.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri hökmünde kärhananyň marketing boýunça menejeri Jennet Hojamyradowa bilen söhbetdeş bolduk. Büzmeýin etrabynda ýerleşýän önümçilik zawodynda geçen söhbetdeşlikde J.Hojamyradowa bize “Parahat” hususy kärhanasynyň önümleri, esasy eksport ugurlary, şeýle hem jemgyýetçilik maksatly ýerine ýetiren işleri barada aýdyp berdi.
“Tetra Pak” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyňyz barada aýdyp berseňiz?!
— 2012-nji ýylda “Tetra Pak” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdyk. Gerekli enjamlary ýerleşdirip, 2013-nji ýylyň maý aýynda “Joş” miwe şiresini satuwa çykardyk. Bu önüm Türkmenistanda aseptik gaplara gaplanan we uzak wagtlap tekjelerde durmaga ukyply ilkinji miwe şiresidir. Häzirki wagtda kärhanamyz “Tetra Pak” kompaniýasynyň gaplaryny ulanyp, “Däp” haryt nyşanly süýt we süýt önümlerini çykarýar. Aseptik gaplar önümiň düzümine himiki goşundylar goşulmazdan onuň ýaramlylyk möhletini uzaldýar; önümiň çalt zaýalanmagynyň öňüni alýar. Ähli taslamalarymyzy amala aşyrmaga “Tetra Pak” kompaniýasy maýa goýum goldawyny berýär.
“Joş-dan” soňra hem tapawutly atlar bilen miwe şiresi çykarmaga başladyňyz. Munuň sebäbi nämede?
— Bazaryň we alyjylaryň talaplary üýtgeýär. Iki önümiň arasynda şire derejesi boýunça tapawut bar. Şeýle hem “Bişen” haryt nyşanly miwe şiresini öndürmäge başlapdyk, ýöne häzirki wagtda diňe “Joş” we “Eçil” miwe şirelerini öndürýäris. 2015-nji ýylda önümçiligiň azyk howpsuzlygy talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO 22000 sertifikatyny aldyk.
Ýerli bazarda miwe şirelerini we gazly suwlary öndürýänleriň sany köpelýär, bäsdeşlik ýokarlanýar. Öz önümleriňizi has öňe çykarmak üçin marketing babatynda we beýleki ugurlarda nähili işler alyp barýarsyňyz?
— Yzygiderli dürli görnüşli aksiýalar gurnaýarys. Şeýle hem müşderilerimize tehniki enjamlary we marketing önümleri arkaly goldaw berýäris. Sargytlary diýlen ýere wagtynda ugradýarys. Eltip bermek hyzmatyna ünsli çemeleşýäris. Önümlerimiziň bahasynyň hem elýeter bolmagy müşderilimizi kanagatlandyrýar. Mysal hökmünde, “Ýeserje” haryt nyşanyny bazara gönükdirmezden ozal düýpli seljerme geçirdik. Seljermäniň netijesinde çaga iýmitlerini öndürýän we maslahat berýän ýerli önümçiligiň ýokdygyna göz ýetirdik. Önümiň gabynyň üstünde aýratyn işledik. Gapaklary çaganyň ýuwutmazlygy üçin adaty ölçegden ulaltdyk. Şeýle hem birnäçe gapagy birleşdireniňde dürli görnüşli şekilleri ýasap bolýar. Ýagny, “Ýeserje” önümüniň gapagy çaganyň saglygyna howp salmajak oýunjak hökmünde hem ulanylyp bilner. Önümiň gabyny islendik ýere alyp gitmäge oňaýly ýagdaýa getirdik. Laboratoriýa barlaglarymyzyň netijesinde 90 gramlyk çaga pýuresini taýýarlamak üçin orta derejeli 6 almanyň ulanylýandygyna göz ýetirdik. Muny hem mahabat önümlerimizde ulandyk. Önümiň nyşany hökmünde ýerli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan, biziň çagalarymyz tarapyndan tanalýan “Ýartygulagy” saýladyk. Ýerli gahrymany suratlandyrmak üçin ýerli we daşary ýurtly hünärmenler bilen işleşdik. Häzirki wagtda “Ýeserje” haryt nyşanly täze çaga iýmitlerini çykarmagy meýilleşdirýäris. Olardan ilkinjisinde miweler, bakja we gök ekinler bilen bir hatarda tüwi, greçka ýaly däneli önümleri ulanmagy meýilleşdirýäris. Biz diňe Türkmenistanda ýetişdirilýän, biziň topraklarymyza mahsus miwe we gök önümleri ulanýarys. Ikinji täze önüm bolsa däneli ekinler bilen süýtden taýýarlanar. “Ýeserje” haryt nyşanly önümleriň gerimini giňeltmek bilen daşary ýurtdan getirilýän çaga iýmitleriniň ýerini tutmagy maksat edinýäris.
Türkmenistanda ýetişýän önümleri ulanýandygyňyzy aýtdyňyz. Bu önümleri nirelerden üpjün edýärsiňiz?
— Biziň öz bagymyz bar. Ýöne häzirlikçe önümçilik üçin ýeterlik däl. Ýerli daýhanlarymyza her möwsüm başlanynda bildiriş iberýäris. Miwedir gök önümleri satyn almazdan öňürti laboratoriýa barlagyndan geçirýäris. Barlaglar netijesinde biziň talaplarymyza gabat gelýän önümleri satyn alýarys.
Önümleriňiziň atlaryny saýlanyňyzda nämelere üns berýärsiňiz? Mysal üçin, 2018-nji ýylda öndürilip başlan “Özi” gazly suwlarynyň ady nireden gelip çykdy?
— Ilki bilen täze önümi kimlere satjagymyza karar berýäris. Soňra şol topara görä birnäçe at taýýarlaýarys. Öz aramyzda maslahatlaşyp, şol atlardan birini saýlaýarys. Soňky gezek “Däp” adynyň üstünde kän maslahat etdik. Gatyk we beýleki süýt önümleriniň biziň milliligimizde hem orny bar. Şonuň üçin “Däp” adyny saýlap aldyk. “Ýeserje” adyny saýlanamyzda bolsa Ýartygulagyň hasiýetlerine üns berdik. “Joş” biziň ilkinji önümimiz bolany üçin şatlygy, begenji aňladýan at saýlamak isledik. Gazly suwlarymyzyň haryt nyşany bolan “Özi” adyny saýlanymyzda bolsa “Hakyky tagamyň özi” şygaryndan ýola çykdyk. Her ady saýlamazdan ozal önümiň tagamyny we hilini barlap görýäris.
Esasy haýsy önümleriňizi eksport edýärsiňiz?
— Şöhlatlardan başga ähli önümlerimiz daşary ýurt bazarlaryna iberilýär. Soňky gezek Omana miwe şirelerini, tomat we süýt önümlerimizi iberdik. Esasy eksport ugrymyz bolsa Russiýa Federasiýasy. Türkmenistanda ýetişdirilýän önümlerden işläp taýýarlanylýan konstentratlara isleg bildirýärler. Häzirki wagtda Katara we Hytaýa eksport etmek üçin gepleşikler geçirýäris. Biziň esasy ünsümiz içerki bazarda, ýerli halkyň biziň önümlerimizi almagyny gazanmakda. Ýerli bazarda islän netijämizi alanymyzdan soňra täze eksport ugurlaryny gözlemegi meýilleşdirýäris.
Şöhlat we et önümleriňizde “Halal” sertifikatyny aldyňyzmy?
— Häzirki wagtda “Halal” sertifikatyny almak ugrunda işler dowam edýär. Bu almagy kyn bolan sertifikatlaryň biri. 137 görnüşli “Halal” sertifikaty bar we muny berýän birnäçe kompaniýa bar. Biz ilki haýsy ýurtlara önümlerimizi eksport etmegi meýilleşdirýändigimize seredýäris. Haýsy ýurtda haýsy “Halal” sertifikaty talap edilýändigini seljerýäris. Mysal üçin, Birleşen Arap Emirliklerine eksport etmek üçin sertifikaty özlerinden almaly bolýar.
Içerki bazarda paýyňyz näçe göterim?
— Miwe şiresinde içerki bazarda paýymyzyň ortaça 50 göterimdigini aýdyp biljek. Bu mukdar “Tetra Pak” kompaniýasynyň amala aşyran seljermesiniň netijesinde ýüze çykdy. Arasynda 70-80 göterime çenli hem ýokarlanýar. Şeýle hem islendik dükana ýa-da söwda merkezine girip, biziň kärhanamyzyň önümlerine seredeniňizde bazar paýy öz-özünden hem belli bolar.
Parahat hususy kärhanasynyň önümlerini islendik hojalykda görmek bolýar. Halkyň markasy bolmaga ýakyn hem diýsek bolar. Jemgyýetçilik maksatly taslamalar amala aşyrdyňyzmy?
— Häzirki wagtda biz jemgyýetçilik guramalary bilen işleşýäris. Olara yzygiderli goldaw berýäris. Azyk howpsuzlygy bilen bagly, esasan, öz önümlerimiziň howpsuz bolmagyny üpjün edýäris. Mysal üçin, şekeriň ýerini tutýan goşundylar ulanman, şekeriň özüni ulanýarys. Ýuwaşlyk bilen aýna gaplara geçip başladyk. Hem adam üçin hem tebigat üçin zyýansyz. Konsentrat öndürmek üçin ulanylýan miwedir gök önümleri ýörite barlagdan geçirip alýarys. Eger pyrtykal ýaly Türkmenistanda ýetişmeýän önümler gerek bolanda, dünýäde ynamdar diýlip tanalýan kompaniýalardan satyn alýarys. 2013-nji we 2019-njy ýyllar aralygyna seredenimizde birnäçe önümçilik zawodlary gurduk. Mysal üçin, “Joş” we “Eçil” miwe şireleriniň hersi aýratyn önümçilik zawodynda taýýarlanylýar. Ähli önümçilik prosesi ýapyk görnüşinde alnyp barylýar; adam eli degenok diýsek hem bolýar. Önümçiligiň dowamynda her ýarym sagatdan önümiň nusgasy alnyp mikrobiologik barlagdan geçirilýär. Biziň önümlerimizi satýan dükanlara yzygiderli aýlanýarys. Saklanyş şertlerine uýmaýan ýerlere duýdurýarys. Uly göwrümli söwda merkezlerinde ýörite öz önümlerimizden jogapkär işgärlerimizi ýerleşdirýäris.
Eksport edýän önümleriňiz barada nähili teswirler aldyňyz?
— Muňa mysal hökmünde, Moskwada geçirilen “Altyn güýz—2014” Bütinrussiýa obasenagat sergisinde kärhanamyzyň “Joş” we “Eçil” miwe şireleriniň altyn medala mynasyp bolmagyny görkezmek bolar. Bu biz üçin hem garaşylmadyk begendiriji ýagdaý boldy. Sebäbi bu sergä biziň önümimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) tarapyndan iberilipdi. Şol ýerde bäsdeşlik örän ýokary bolmagyna garamazdan miwe şirelerimiz şeýle ada mynasyp görüldi. Eksport edýän önümlerimizi şol ýurda görä niýetlemäge çalyşýarys. Ilki başlarda önümleriň gaplarynda türkmen we rus dillerinde ýazýardyk, häzir bolsa türkmen, rus, iňlis we arap dillerinde maglumat ýerleşdirýäris.