ADIOR Türkmenistan bilen hyzmatdaş bolmaga taýyn

BT
ADIOR Türkmenistan bilen hyzmatdaş bolmaga taýyn
Mejlisiň gün tertibinde GDA we Ýewraziýa döwletleriniň Onkologiýa we Rentgenoradiologiýa merkezleriniň we institutlarynyň Ýolbaşçylar birleşiginiň (ADIOR) işine seredildi.

Anna güni “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça XXIX mejlisiniň gün tertibinde GDA we Ýewraziýa döwletleriniň Onkologiýa we Rentgenoradiologiýa merkezleriniň we institutlarynyň Ýolbaşçylar birleşiginiň (ADIOR) işine seredildi.

Mejlisden soň ADIOR-yň ýolbaşçysy, professor Andreý Kaprin “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda ADIOR bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýyndyklaryny şu sözler bilen belledi:

“Türkmenistan ADIOR-yň assosirlenen agzasy bolup durýar. Häzirki wagtda birleşigiň işjeňligini ýokarlandyrdyk."

– Türkmenistan ADIOR-yň assosirlenen agzasy bolup durýar. Häzirki wagtda birleşigiň işjeňligini ýokarlandyrdyk. Özara ylalaşyklar baglaşylanyndan soňra Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy has hem ýokarlandyrarys. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýyn.

Ýaşlary çilime imrinmekden we temmäki tütüniniň zyýanly täsirinden goramak üçin zerur bolan çäre hökmünde, temmäkiden peýdalanyşyň monitoringini ulanmak meselesi hem 29-njy gezek geçirilýän mejlisiň dowamynda maslahatlaşyldy. Kaprin bu barada şeýle diýdi:

– Temmäki ulanmak zyýanly endikleriň biri bolup rak keseliniň howpunyň ýokarlanmagyna 30 göterim täsir edýär. Onkolog hökmünde, şeýle hem ADIOR hökmünde tutuş dünýäde temmäkini ulanmazlyga çagyrýarys. Türkmenistan bu ugurda uly işler ýerine ýetirdi.