“Türkmen-Mahabat” hususy kärhanasynyň mozaika panelleri Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky ýaşaýyş jaýlaryň diwarlaryny bezeýär. Ýerli kompaniýalar tarapyndan Taslama we Tähran köçeleriniň ugrunda gurulýan ýaşaýyş jaý toplumynda 16 sany köpgatly binalaryň gapdal böleginde türkmen nakgaşlarynyň taýýarlan nusgalaryna laýyklykda bezeg işleri amala aşyrylýar.
10 metrlik panellere berk, reňkli aýnalardan taýýarlanylan 2,5x2,5 santimetrlik mozaika modullary ýerleşdiriler. Her panel 481 müň bölejikden ybarat bolup, olar şekili takyk bermäge mümkinçilik döredýär.
Daşky bezeg boýunça hünärmenler eýýäm jaýlaryň sekiz sanysynyň diwarlaryna mozaika panelleri ýerleşdirdiler.
Komposizýon modullar “Türkmen-Mahabat” kompaniýasynyň geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda guran profil zawodynda öndürilýär.
Zawodda aýna listlerinden mozaikalaryň önümçiligi amala aşyrylyp, bu önümler ýadygärlikleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Mozaikalar owadanlygy bilen çäklenmän, şeýle hem dürli derejedäki howanyň ýagdaýyna çydamlylygy bilen tapawutlanýar.
“Türkmen Mahabat” kärhanasynyň hünärmenleri hakyky daşlary ýadyňa salýan 3D panelli bezeg gipsleri we sement plitalary hem öndürýär.
Hususy kärhana Aşgabat şäherinde, “Täze zaman” ýaşaýyş jaý toplumynda 100-den gowrak jaýlaryň gapdallarynda gurnama işlerini ýerine ýetirdi. Şu ýylyň noýabr aýynda kärhananyň döredilmegine bäş ýyl dolýar.
“Türkmen-Mahabat” Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygyna gatnaşmagy hem meýilleşdirýär.