Daşoguz welaýatynyň şalyçylary 8,100 gektardan 35,000 tonnadan gowrak hasyl almak arkaly ýyllyk meýilnamany doldular.
Daýhanlar şalynyň “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Elenge” görnüşlerini ýygnap, welaýatyň şaly ekerançylygyna ýöriteleşdirilen Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň şaly arassalaýjy zawodyna tabşyrdylar.
Hasyl ýygnamakda “John Deere” we “Class” kysymly kombaýnlar ulanyldy. Olaryň 200-e golaýy, şeýle hem 400-e ýakyn ýörite ulag we mehanizmler hyzmat etdi.
Şalyçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, 2018-nji ýylda welaýat boýunça 8 müň 100 gektardan 35 müň 106 tonna şaly hasyly ýygnaldy.
Ýurduň Lebap welaýatynda hem 10,200 gektarda şaly ekilipdi. Welaýatyň Saýat, Halaç, Kerki, Köýtendag, Çärjew, Dänew, Darganata we Farap etraplarynda şalynyň hasyly irki möhletlerde bişip ýetişdi. Üstümizdäki şaly möwsüminde 47,400 tonna şaly hasylyny ýygnamagy maksat edinýän Lebaply kärendeçiler şalynyň ilkinji hasylyny bazarlara çykarmaga başladylar.
Şaly ösdürip ýetişdirmek işine hususyýetçiler, hususy kärhanalar hem goşulyp başladylar. “Myradym” hususy kärhanasy Kerki etrabynyň çäginden 2000 gektar ýer alyp, ýörite şaly ekmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem bu hususy kärhana Kerki şäheriniň gapdalynda her ýylda 10 müň tonna şalyny arassalap, olary dürli gaplarda alyjylara ýetirmek üçin ýörite degirmen toplumynyň gurluşyk işlerini hem tamamlap barýar.
Welaýatda daşary ýurtlardan satyn alynýan tohumçylyk şaly sortlary hem ähli babatda synagdan geçirilýär. Russiýa döwletinden satyn alnan “Flagman” şaly sorty welaýatyň dört etrabynda synagdan üstünlikli geçdi.