Lebapdaky guşçulyk toplumynda günde 50 müň ýumurtga alynýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapdaky guşçulyk toplumynda günde 50 müň ýumurtga alynýar
Çärjew etrabyndaky guşçylyk toplumynda 70 müňden gowrak towuk idedilip, her gün 50 müňden gowrak ýumurtga alynýar.

Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Kooperatiw daşary söwda kärhanasynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän guşçylyk toplumynda her gün 50 müňden gowrak ýumurtga alynýar.

2016-njy ýylda açylan guşçulyk toplumynda 70 müňden gowrak towuk idedilip, olar günüň dowamynda dört gezek iýmitlendirilýär.

Häzirki wagtda toplumyň ýanynda her biri 40 müň towuga niýetlenen täze guşçulyk toplumynyň gurluşygy giň gerimde dowam edýär.

Lebabyň husysyýetçileri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 56,65 tonna mal eti, 237 tonna golaý towuk eti,1473 tonna süýt we 179 tonna golaý süýt önümleri öndürildi.

2022