Nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak tabşyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak tabşyryldy
Nebitgaz toplumynyň önümçilik görkezijilerini has-da gowulandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrylmalydygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Iş maslahatynda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda nebitgaz pudagynyň degişli ýolbaşçylarylary şu ýylyň ilkinji on aýy boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle hem ozal bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany berlen hasabatlaryň netijelerini jemläp, ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düşewüntli bolmagyny gazanmak, netijede girdeji berýän öňdebaryjy pudaklaryň birine öwürmek biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.

Şoňa görä-de, nebitgaz senagatynyň ähli ýolbaşçylary pudagyň edara - kärhanalarynyň önümçilik tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegine aýratyn üns bermelidir, garamagyndaky kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileriniň yzygiderli ýokarlanmagyny we düşewüntli işlemegini gazanmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Emma, muňa garamazdan, Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, nebitgaz toplumynda, esasan hem nebit we gaz çykarmakda, onuň senagat gorlaryny artdyrmakda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň netijesi pese düşýär, ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalar yzygiderli ýerine ýetirilmän gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriniň birnäçesini kesgitledi.

Nebitgaz toplumynyň önümçilik görkezijilerini has-da gowulandyrmak üçin ylmyň iň soňky gazananlary esasynda öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrylmalydygyny nygtan döwlet Baştutany, özara bähbitli şertlerde pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekilmelidigini belledi.

2022