Aşgabatda ÝB-niň wekili bilen ykdysadyýetiň ugurlary boýunça maslahat edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ÝB-niň wekili bilen ykdysadyýetiň ugurlary boýunça maslahat edildi
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Aşgabatda duşuşyklary geçirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian iki günlük iş sapary bilen çarşenbe güni Aşgabat şäherine geldi.

Şol gün Piter Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi.

Taraplar ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky, şol sanda Türkmenistan bilen ÝB-niň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň etdiler. Türkmenistanda maýa goýumlary üçin amatly şertleriň bardygyny tassyklap, taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem oba hojalyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa goragy we gaýtadan ulanylýan energiýa çeşmeleri boýunça bilermenleriň pikir alyş-çalşygynyň zerurdygy nygtaldy.

Ýewropa Bileleşiginiň wekili şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministiriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen hem duşuşdy. Türkmenistan bilen ÝB-niň özara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeliligini belläp, taraplar syýasy-diplomatik gepleşikler, söwda-ykdysady aragatnaşyklar hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleleri giňişleýin maslahatlaşdylar.

Taraplar sebitde ykdysady ösüşe, durnuklylyga we howpsuzlyga goldaw bermäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň köptaraply esasda alnyp barylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar energetika, ulag-üstaşyr ulgamyny özgertmek, saglygy goraýyş, ekologiýa we bilim pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Ýewropa Kommisiýasynyň goldawynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň netijeliligi barada hem bellenip geçildi.

2022