Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Aşgabat jarnamasynyň wezipeleri Minskde maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Aşgabat jarnamasynyň wezipeleri Minskde maslahatlaşyldy
Çärede çykyş edenler Arkalaşyk Ýewraziýada söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli merkezleriniň birine öwrülmegine ukyplydygyny bellediler.

GDA-nyň Minskde ýerleşýän Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda sişende güni “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy” temasynda tegelek stol geçirildi. Duşuşygy türkmen tarapy gurady. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Çäräniň dowamynda bellenilişi ýaly, Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk alnyp barylýan gepleşikleriň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ol 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň Ykdysady ösüşiniň strategiýasy, Erkin söwda zolagy hakyndaky şertnama ýaly oýlanyşykly işlenen we mazmuny boýunça köptaraply bolan resminamalara esaslanýar.

Çärede çykyş edenleriň aýdyşy ýaly, Arkalaşyk Ýewraziýada söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli merkezleriniň birine öwrülmegine ukyplydyr.

Aşgabat jarnamasy Arkalaşygyň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagy we olaryň mümkinçilikleriniň birleşdirilmeginiň üsti bilen GDA ýurtlarynyň bäsdeşlige ukyplygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilip, şol ýurtlaryň ähliumumy ykdysadyýetdäki ornuny güýçlendirmäge, olaryň halklarynyň abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär diýip, çykyş edenler belledi.

Maslahatda GDA-nyň we oňa ýakyn sebitleriň çäklerini öz içine alýan giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge ukyply iri ykdysady subýekti hökmünde Arkalaşygyň orny hakynda hem aýdyldy.

Duşuşykda çykyş eden GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama Geňeşiň mejlisine gatnaşan ähli döwletleriň Baştutanlary tarapyndan gol çekilendigine ünsi çekdi. “Bu ýagdaý resminamanada umumy we milli bähbitleriniň jemlenendigini, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ylalaşylan çemeleşmeleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenendigini aňladýar” diýip, Lebedew belledi.

Lebedew Jarnamany teklip ediji hökmünde türkmen tarapynyň GDA ýurtlarynyň ählisiniň pikirlerini göz öňünde tutandygyny, Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady özara hereketde toplanan tejribäni jemländigini aýratyn nygtady. 

Çärä GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleri hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň jogapkär işgärleri, şeýle-de Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Belarusyň informatika we radioelektronika döwlet uniwersitetiniň alymlary we ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy.