Waşingtonda çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells wekilçilik etdi.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri babatynda pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine we häzirki ýagdaýyna seretmek üçin syýasy geňeşmeleriň işiniň netijeliligini gazanmagyň möhümdigini bellediler.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.
ABŞ-niň Döwlet departamentiniň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Daşary işler ministri Meredow çarşenbe güni Ykdysady ösüş, energetika we tebigaty goramak ministriniň orunbasary Keýt Kraç bilen hem ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.