ÝB bilen türkmen hususyýetçileri hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB bilen türkmen hususyýetçileri hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirer
ÝB-niň Ýörite wekili Piter Burian şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen, “ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasynyň” ähmiýetini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde çarşenbe güni ýurda iki günlük sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem duşuşyga onuň syýasy geňeşçisi hanym Martina Şmidt we ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Lýubomir Frebord gatnaşdy.

TSTB-niň başlygy Aleksandr Dadaýew myhmanlara özüniň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň halkara işi hakynda habar berdi. Bu işde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklaryň ösmekligine uly ähmiýet berilýändigi aýdyldy.

Gürrüňdeşligiň barşynda söwda-ykdysadyýet gatnaşyklary, 2020-nji ýylyň başynda Gyrgyzystanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa 2020” birinji ykdysady forumyna görülýän taýýarlyk boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Bu forumyň ÝB bilen sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna, şol sanda Türkmenistanyň işewür toparlary bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga itergi beriji güýç bolup biljekdigi bellendi.

Türkmenistandaky amatly maýa goýum gurşawynyň bardygyny belläp geçmek bilen taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine üns berdiler. Şeýle hem oba hojalyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýanyň goragy we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaklyk boýunça bilermenlik tejribesini paýlaşmagyň möhümdigi nygtalyp geçildi.

Şeýle-de ÝB-niň Ýörite wekili şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen, “ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasynyň” ähmiýetini aýratyn nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýewropaly işewür toparlarynyň türkmen telekeçileri bilen özara bähbitli gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi babatda özleriniň tamalaryny beýan etdiler.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri 200-den gowrak kärhana biznes maslahatlaryny berip, umumylykda 70 taslama 272 million ýewro maliýe goldawyny berdi.