Türkmenistanyň baş diplomaty Dubaýda we Abu-Dabide birnäçe duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty Dubaýda we Abu-Dabide birnäçe duşuşyk geçirdi
Ýekşenbe güni Abu-Dabide Raşid Meredow bilen Şeýh Mansur bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Surat: Emirat Habar Agentligi

Dubaý şäherinde şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al-Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň gatnaşmagy meýilleşdirilýän “EKSPO-2020” halkara serginiň wajyplygyny bellediler.

Soňra Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň BAE-däki Baş konsuly Yhlasgeldi Amanow dabarada eden çykyşynda Baş konsullygyň açylyşynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdi.

Ýekşenbe güni Abu-Dabi şäherinde Raşid Meredow bilen BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezident işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Şeýle-de taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de ýokary tehnologiýalar, şäher gurluşygy, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda tejribe alyşmagyň möhümdigi hakynda aýratyn belläp geçdiler.

Ondan soňra R.Meredow BAE-niň Daşary işler döwlet ministri Anwar Mohammed Gargaş bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem energetika, ulag, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek meselelerine seredildi.

2022