USAID türkmen oba hojalykçylary üçin okuw maslahatyny gurnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID türkmen oba hojalykçylary üçin okuw maslahatyny gurnady
Sapaklary tälimçi-maslahatçy, miweçilik hünäri boýunça oba hojalyk ylymlarynyň doktory Sergeý Oleýçenko geçirdi.

Aşgabadyň “Olimpiýa” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk boýunça iş alyp barýan agzalary üçin okuw maslahaty geçirildi. Çäre USAID-iň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek boýunça Maksatnamasy we türkmen işewürler topary bilen bilelikde gurnaldy.

Okuw maslahatynyň mowzugy “Almany, üljäni we üzümi ösdürmegiň we kesmegiň özboluşly tärleri, baglary gyşa taýýarlamak” diýlip atlandyryldy.

Sapaklary tälimçi-maslahatçy, miweçilik hünäri boýunça oba hojalyk ylymlarynyň doktory Sergeý Oleýçenko geçirdi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar – Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň agronomlarynyň we bagbanlarynyň 20-den gowragy ösümlikleri gyşa dogry taýýarlamagyň fiziologik esaslary, ýörite gurallary ulanmak arkaly olary kesmegiň häzirki zaman usullary, “High System” amatly fiziki nusganyň artykmaçlyklary, şeýle hem möwsümleýin agrotehniki çäreler bilen bagly beýleki möhüm meseleler bilen tanyşdyryldy.

Okuw maslahatynyň mowzugy boýunça amaly sapaklar Ahal we Mary welaýatlaryndaky bagçylyk meýdanlarynda 27-28-nji noýabrda geçirildi.

2022