Gypjak dokma toplumy elastik lenta öndürer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gypjak dokma toplumy elastik lenta öndürer
Hytaýly öndürijileriň ýokary tehnologiýaly enjamy ini 5 millimetrden 50 millimetre çenli elastik lentanyň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenendir.

Gypjak dokma toplumynda elastik lenta çykarýan awtomatik liniýa işe girizildi. Onuň düzüminde - ýüwürdiji, rezin öndürýän enjamlar, dokma we ütükleýji stanoklar bar.

Hytaýly öndürijileriň ýokary tehnologiýaly enjamy ini 5 millimetrden 50 millimetre çenli elastik lentanyň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenendir. Ol ýylda 1 million 440 müň metr lenta öndürer.

Awtomatlaşdyrylan liniýanyň işe girizilmegi netijesinde ozal daşary ýurtlardan alynýan bu tikinçilik serişdesi indi Türkmenistanda öndürilip, ugurdaş kärhanalarynyň talaplaryny ödär, şeýle hem elastik lentany söwda nokatlary arkaly ýerlemäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynda “S.A.Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky teklibi makullapdy.

Gypjak dokma toplumy 1997-nji ýylda açylyp, ol 80 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Häzirki günde toplumda 2,700-den gowrak adam zähmet çekýär.