“Täze energiýa” kompaniýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Esenaman meýdançasyndaky çopan goşunda 5 kilowatlyk gün energiýasy panellerini ýerleşdirdi.
Aşgabatda geçirilen “Türkmentel 2019” aragatnaşyk enjamlarynyň sergisinde bu barada maglumat beren kompaniýanyň direktory Nury Hydyrow çopan goşundaky guýa gün energiýasy bilen işleýän suw sorujy enjamyň ýerleşdirilendigini belledi.
Türkmenistanda gün panellerini ýerleşdirmek boýunça ilkinji ygtyýarnama alan “Täze energiýa” kompaniýasynyň aýnadan ýasalýan gün panelleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýändigi barada ozal habar beripdik. Hydyrow 6-njy noýabrda Milan şäherinde geçirilen türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň dowamynda degişli zawody işe girizmek bilen bagly italýan kompaniýasy bilen ylalaşyga gol çekendiklerini aýdyp, önümçiligiň 2020-nji ýylda başlajakdygyny nygtady.
“Täze energiýa” kompaniýasy 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, gün energiýasy we ýel energiýasy boýunça işleri ýerine ýetirýär.
Kompaniýa “Altyn asyr” Türkmen kölünde gün energiýasy stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär.