Ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşiklerinde sebitiň häzirki zaman meseleleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşiklerinde sebitiň häzirki zaman meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Surat: "president.uz"

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan saparynyň çäklerinde penşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Daşkentiň “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçen duşuşykda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ugurlary öz içine almak bilen, sazlaşykly ösdürilýändigini belledi. 

Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, hususan-da, goňşy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak gepleşikleriň esasyny düzdi. Prezidentler bu meseleleriň ýakyn wagtda çözgüdiniň tapylmagynda parahatçylykly hem-de diplomatik serişdeleriň wajypdygyny belläp, bu babatda syýasy goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý ugry boýunça ýylda 25 milliard kub metre çenli kuwwaty bolan gaz geçirijiniň ýene bir ugrunyň gurluşygy göz öňünde tutulýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ugry bilen Gara deňze çykmak arkaly Gruziýa, Türkiýä, Rumyniýa we beýleki döwletlere uzaýan ulag geçelgeleri boýunça bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň hökümet wekiliýetini Türkmenistanda geçirilmegine taýýarlyk görülýän BMG-niň ikinji Ählumumy ulag maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ikitaraplaýyn gepleşiklerden soňra döwlet kabulhanasynyň maslahatlar zalynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» atly derejesiniň hormat nyşanyny we degişli diplomy gowşuryldy.

Dabaradan soňra kabulhananyň “Hywa” öýünde bilelikdäki agşamlyk nahary guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti anna güni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji kansultatiw duşuşygyna gatnaşýar.