Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda çarşenbe güni Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Ähtnama Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin gümrük amallarynyň innowasiýalaryny höweslendirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz içine alýar.
BMGÖM-iň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň maksady 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň çäklerinde özara bähbitli ugurlarda Taraplaryň hyzmatdaşlygy üçin esaslary üpjün etmekden ybaratdyr.
Ähtnama laýyklykda gümrük işine innowasiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwletleriň gümrük gulluklarynyň arasynda maglumat alyşmak, öňünden deklarirlemegiň ulgamyny işe ornaşdyrmak, mümkinçilikleri ösdürmäge ýardam bermek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk has hem ösdüriler.
Gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmagyň gümrük edaralary üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny göz öňünde tutup Gümrük gullugy BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda Utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny (ASYCUDA) ornaşdyrýar.
Diňe soňky iki ýylyň içinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy goňşy döwletleriň gümrük gulluklary bilen maglumat alyşmak babatda iki taraplaýyn ylalaşyklary baglaşdy diýip, gullugyň saýty habar berýär. Bu ugurda öňdebaryjy usulyýetleri we standartlary kabul edýändigini ýazýan gümrükçileriň saýty, döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilýän ähli çäreler BMG-niň agza döwletleri tarapyndan işlenip taýýarlanan Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmaga hem gönükdirilendigini belleýär.
Türkmenistanda Gümrük kanunçylygy halkara kadalaryna esaslanýar. Gümrük kodeksi Gümrük amallaryny sazlaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek hakynda Kioto konwensiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýär.