Bütindünýä banky Aral basseýnindäki ýurtlara kömek maksatnamasyna gatnaşmaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bütindünýä banky Aral basseýnindäki ýurtlara kömek maksatnamasyna gatnaşmaga taýýar
Duşuşykda Merkezi Aziýanyň gidrometerologiýa gulluklaryny kämilleşdirmek üçin taslamany Goşmaça maliýeleşdirmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Bütindünýä banky Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlara kömek bermek boýunça maksatnamasynyň işlenilip düzülmegine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk geçirilen duşuşykda bu barada aýdyldy.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryndaky umumy maksatlaryň amala aşyrylmagyndaky köpugurly özarahereketleriň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk edýär. Başlyklyk etmeginiň çäklerinde häzirki wagtda durmuş-ykdysady we ekologiki ugurly meseleleriň, şeýle hem dördünji «Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlara kömek bermek boýunça maksatnamasynyň» (ADBM-4) işlenilip düzülmeginiň meseleleriniň ara alyp maslahatlaşylýar.

Duşuşygyň çäklerinde Bütindünýä banky bilen Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasynda Merkezi Aziýanyň gidrometerologiýa gulluklaryny kämilleşdirmek üçin taslamany Goşmaça maliýeleşdirmek hakyndaky Ylalaşygyň resmi gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ylalaşyga gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Bütindünýä bankynyň wekiliýeti, AHHG-e gatnaşyjy-ýurtlaryň wekilleri hem-de KHBS wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022