Daşoguz motor abatlaýyş zawody 1.5 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz motor abatlaýyş zawody 1.5 million manatlyk önüm öndürdi
Kärhananyň önümçilik bölümlerinde dürli ätiýaçlyk şaýlaryň 100-e golaý görnüşi öndürilýär.

Daşoguz welaýatynda iri senagat kärhanalaryň biri bolan Daşoguz şäherindäki motor abatlaýyş zawodynda geçen 11 aýyň dowamynda 1 million 553 müň manatlyga golaý iş edildi.

Kärhanada 60-a golaý hünärmen zähmet çekip, olar oba hojalyk tehnikalaryny we dürli görnüşli iş gurallaryny düýpli abatlamak, zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak bilen meşgullanýarlar.

Kärhanada önümçilik bölümleriniň ikisi hereket edýär. Onuň mehanika bölüminde dürli ätiýaçlyk şaýlaryň 100-e golaý görnüşi öndürilýär we etraplardaky hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar.

Zawodyň tehniki bölüminde şu ýylyň geçen döwründe 213 müň kub metr kislorod öndürildi. Tehniki kislorod metallary gaz bilen kesmek we kebşirlemek üçin ulanylyp, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamakda zerur önüm hasaplanýar.

2022