Ahal welaýatynda iýun aýynda açylan gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşan “Kawasaki” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tasuýa Watanabe çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
“Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de gerimini giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýän ‘Kawasaki’ kompaniýasy öz ähli tejribesini we iň täze tehnologiýa işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýar” diýip, kompaniýanyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Watanabe aýtdy.
Duşuşykda Ahal welaýatynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda bina edilen tebigy gazdan sintetiki awtomobil benzinini öndürýän topluma aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we ýaponiýaly işewür Türkmenistanyň senagat düzümini kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalardan ugur alyp, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarýan iri senagat desgalaryny gurmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.
Häzirki wagtda gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinjisini gurmak göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň oktýabr aýynda Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” we “Sojitz Corporation” kompaniýalar toparynyň arasynda degişli ähtnama gol çekildi.