Biržany paýdarlar jemgyýetine öwürmek meselesine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Biržany paýdarlar jemgyýetine öwürmek meselesine seredildi
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony paýdarlar jemgyýetine öwürmek maslahatda gozgalan esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Begenç Çaryýew bilen iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony paýdarlar jemgyýetine öwürmek maslahatda gozgalan esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä tejribesinde haryt-çig mal biržalaryň guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň, esasan, paýdarlar jemgyýeti görnüşinde guralandygyny belläp, Döwlet haryt-çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek meselesini içgin öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Biržanyň işini sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak meselelerine gönükdirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow başlyk Çaryýewe biržanyň işleriniň strategiýasyny işläp taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

“Bu strategiýanyň esasy maksady ileri tutulýan ugurlary öz wagtynda düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Onuň görnüşlerini, usullaryny, serişdelerini we biržanyň gor mümkinçiliklerini ulanmagyň usullaryny çalt depginler bilen ösdürmek esasy wezipe bolup durýar. Bu işler bolsa paýdarlaryň, işgärleriň we işewür hyzmatdaşlaryň bähbidini göz öňünde tutmalydyr” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýerli ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilýändigini göz öňünde tutup, esasan, biržanyň täze bazaryny — elektron täjirçilik bazaryny döretmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.

Prezident Berdimuhamedow harytlary diňe bir öndürilen ýerinde ýerlemek däl, eýsem, serhetde gowşurmak, bellenen ýere eltip bermek ýaly hyzmatlary hem netijeli ulanmalydygyny, bu ugurda degişli edara-kärhanalar bilen hyzmatdaşlykda zerur işleri alyp barmalydygyny nygtady.

Noýabr aýynyň ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini iki tapgyrda döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi.

Şertnamalary biržada bellige almak hyzmatlaryny internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulyp, birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmegi ornaşdyrmak teklip edildi. Şol mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet-haryt çig mal biržasynyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrypdy.

2022