Aşgabatda ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Bergeriň arasynda anna güni duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp, taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ediljek indiki ädimlere seredip geçdiler. 

Taraplar ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýyldaky oňyn ösüşi hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň wajyplygy barada belläp geçdiler.

Kristian Berger şu ýylyň mart aýynda hem Türkmenistana iş sapary bilen gelip, Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçiripdi.

2022