Haryt nyşanlary bilen bagly täze resminama tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Haryt nyşanlary bilen bagly täze resminama tassyklanyldy
Karar Türkmenistanyň degişli Kanunlaryna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Haryt nyşanlary bilen bagly paçlaryň möçberi we olary tölemegiň tertibi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçiren mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradow “Haryt nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlar hakyndaky” Kararyň taslamasyny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, bu resminamanyň düzgünleriniň talaba laýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet Habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu Karar “Haryt nyşanlary hakyndaky” we “Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Kararyň çäklerinde haryt nyşanlary bilen bagly paçlary tölemegiň tertibi, haryt nyşanlary bilen bagly paçlaryň möçberleri, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlary tölemegiň tertibi, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlaryň möçberleri tassyklanyldy.