“Türkmengaz” döwlet konserni Beýik Britaniýanyň “Sumitomo Corporation Europe Ltd.” kompaniýasyndan “Galkynyş” gaz känindäki guýulary burawlamak üçin dürli ölçegli turbalary we beýleki serişdeleri satyn alar.
Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Myratgeldi Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmengaz” bilen britan kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşylmagy göz öňünde tutýan Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn serişdeleri satyn almak hakyndaky Karara gol çekdi.
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama laýyklykda, “Türkmengaz”-a “Sumitomo Corporation Europe Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow mejlisiň dowamynda uglewodorodlaryň täze känlerini ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-barlag işlerini giňeltmek, nebitgaz ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilişini çaltlandyrmak, nebitiň we gazyň gazylyp alnyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň mukdaryny artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hem habar berdi.