ABŞ Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýany kabul eder

ABŞ Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýany kabul eder
Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi Waşingtonda ABŞ-nyň Daşary işler ministri Maýk Pompeo bilen duşuşdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy ýakyn wagtda ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny kabul eder. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň Waşingtona eden saparyndan soň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen metbugat konferensiýasynda mälim edildi.

“Merkezi Aziýa adamzat siwilizasiýasynyň möhüm çatrygy bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Bu sebit alyslarda ýerleşip, amerikanlaryň köpüsi üçin nätanyş hem bolsa, Merkezi Aziýa ençeme asyrlaryň dowamynda global üstaşyr ýollaryň merkezinde bolup geldi” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýanyň bäş döwleti 28 ýyl mundan öň garaşsyzlyk alany bäri Birleşen Ştatlar bu döwletleriň garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna we territorial bütewiligine yzygiderli ýagdaýda ygrarly bolup galýar.

“Olaryň durnuklylygynda, rowaçlylygynda we howpsuzlygynda biziň özümize laýyk bähbidimiz bar. Biz sebitiň çeýeligini we transmilli howplara garşy göreşmek boýunça ukyplaryny ýokarlandyrmaga çalyşýarys” diýip, Döwlet departamentiniň resmisi bu sebitde ýerli we amerikan maýa goýumlary üçin şertleriň kämilleşdirilmegi boýunça çäreleri hem goldaýandyklaryny belledi.

“Birleşen Ştatlar we Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarymyz Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmak babatda umumy maksatlara eýedir. Owganystanda durnuklylygy ýola goýmak we bu ýurdy has giň sebite gaýtadan birikdirmek Merkezi Aziýada has ýokary ykdysady gatnaşyklara we mümkinçiliklere şert döreder” diýip, amerikan resmisi aýtdy.

Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin, 2015-nji ýylda Birleşen Ştatlar hyzmatdaşlyk boýunça täze meýdançany döretdi. C5+1 diýlip aytlandyrylýan bu diplomatik forum umumy meseleler boýunça bilelikdäki çäreler babatda gepleşikler üçin niýetlenip, soňky ýyllaryň dowamynda onuň çäginde birnäçe bilelikdäki möhüm taslamalar ýola goýlup başlandy.

“Sebitleýin we ikitaraplaýyn şu gatnaşyklar Trampyň administrasiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasynda görkezilen maksatlary we möhüm meseleleri şöhlelendirýär. Bu strategiýa ýakyn günlerde jemgyýetçilige ýetiriler” diýip, Döwlet departamentiniň wekili aýtdy.  

Noýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti hem her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. Waşingtonda geçirilen duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada maslahat edildi.