Çarşenbe güni BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Türkmen otagynda şu ýylyň 18-21-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) netijelerini hem-de onuň Gaznasynyň döredilmeginiň mümkinçilikerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPEKA ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa, “Visegrad” Gaznasynyň wekili, SPEKA ýurtlarynyň Ilçileri we diplomatlary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri hem-de bilermenleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjy SPEKA ýurtlarynyň wekilleri hem öz gezeginde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça hem-de SPEKA Gaznasynyň döredilmegi boýunça çykyş etdiler.
Wekilçilikli çäräniň dowamynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda Türkmenistanda guraljak halkara ähmiýetli çäreler, şol sanda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň maslahaty barada habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar SPEKA sebitinde hyzmatdaşlygyň ýokary basgançaklaryna ýetmek, şol sanda, dünýä ykdysadyýetine goşulmak we Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak maksady bilen serhetara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmek barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
SPEKA maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem olary dünýä ykdysady ulgamyna utgaşdyrmak maksady bilen 1998-nji ýylda esaslandyryldy.