Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda GDA ýurtlarynyň Liderleriniň duşuşygyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda GDA ýurtlarynyň Liderleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gezekki resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanyny Russiýanyň Lideri Wladimir Putin garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Sankt-Peterburg şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Sankt-Peterburgyň “Pulkowo” halkara howa menzilinde Prezident Berdimuhamedowy resmi adamlar hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanyny Russiýanyň Lideri Wladimir Putin garşylady.

Özara salamlaşylandan soňra, GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň çäkli görnüşde resmi däl duşuşygy geçirildi. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, döwlet Baştutanlarynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda çözgütleri kabul edendiklerini belledi.

Türkmenistan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna taýýarlyk görmek we baýram etmek boýunça esasy çäreleri geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz GDA ýurtlarynyň Liderleriniň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sammitinde aýdypdy.

Şonda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen baglylykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna hem-de dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi kabul edildi.

Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.

2022