Lebap welaýat alyjylar jemgyýeti ýumurtga önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýat alyjylar jemgyýeti ýumurtga önümçiligini artdyrýar
Çärjew etrap alyjylar jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda häzirki wagtda 140 müňden gowrak ýumurtga alynýar.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginde ýerleşýän guşçulyk toplumynda towuklaryň 150 müň sanysy idedilýär.

Çärjew etrap alyjylar jemgyýetiniň söwda Kooperatiw kärhanasyna degişli bolan guşçulyk toplumynda häzirki wagtda 140 müňden gowrak ýumurtga alynýar. Bu görkeziji bir aýda 4 milliona golaýlaýar.

Doly awtomatiki usulda dolandyrylýan toplumda towuklaryň iýmitiniň düzümine peýdaly minerallar we witaminler goşulýar. Öndürilýän ýumurtgalar welaýatyň söwda nokatlaryna iberilýär.

Lebap welaýat alyjylar jemgyýetiniň 2016-njy ýylda açylan guşçulyk toplumynda bolsa, 70 müňden gowrak towuk idedilip, olardan her gün ortaça 50 müň ýumurtga alnyp, alyjylara ýetirilýär.

Lebap welaýat alyjylar jemgyýeti häzirki wagtda täze ýylyň öňüsyrasynda 28 müňden gowrak baýramçylyk sowgatlaryny satuwa çykardy. Bu görkeziji diňe birinji tapgyra degişli bolup, ikinji tapgyrda sowgatlyk önümleriň 30 müň sanysy taýýarlanyldy.

2022