“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly “Roadshow”-a badalga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly “Roadshow”-a badalga berler
“Roadshow”-yň birinji forumy 2020-nji ýylyň 24-25-nji fewral aralygynda Dubaý şäherinde, ikinjisi 7-8-nji iýulda London şäherinde geçiriler.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy 2020-nji ýylda “Türkmen Forum”, Britaniýanyň “Gaffney” we “Cline & Associates” kompaniýalary bilen bilelikde “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara “Roadshow”-ny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Trend” habar berýär.

“Roadshow”-yň birinji forumy 2020-nji ýylyň 24-25-nji fewral aralygynda Dubaý şäherinde, ikinjisi 7-8-nji iýulda London şäherinde geçiriler.

Forumyň dowamynda Hazar deňzinde türkmen gaz ýataklaryny özleşdirmek, daşary ýurt maliýe goýumlaryny çekmek we “Galkynyş” gaz käninde nobatdaky özleşdiriş işleri boýunça soraglara serediler.

Şeýle-de, duşuşyklaryň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işewürlik gepleşikleriniň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Türkmenistan nebit we gaz pudaklaryny ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda 2030-njy ýyla çenli her ýyl tebigy gazyň 250 milliard kub metri we nebitiň 110 million tonnasy çykarylmak göz öňünde tutulýar.

“Roadshow” – bu dürli şäherlerde geçirilýän duşuşyklaryň toplumy bolup, esasy maksady belli bir pudakda daşary ýurt maliýe goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

2022