Türkmenistanyň SPEKA döwletleri bilen haryt dolanyşygy $1 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň SPEKA döwletleri bilen haryt dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň SPEKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi.

SPEKA ýurtlary bilen Türkmenistanyň haryt dolanyşygynyň mukdary ýyl-ýyldan ep-esli artýar diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň täze sanyna salgylanyp habar berýär.

Görkezijiler barada maglumat berilýän habarda “Bu 2016-njy ýylda ABŞ-nyň 886 million dollaryna deň bolan bolsa, ol 2017-nji ýylda 982 million dollara barabar bolup, 11 göterim artdy” diýlip bellenýär.

2018-nji ýylda ösüş 13,3 göterime ýetip, ABŞ-nyň 1 milliard 113 million dollaryna barabar boldy. Şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça bu möçber 1 milliard dollardan geçdi. Söwdanyň has köp bölegi Owganystana, Özbegistana, Azerbaýjana we Gazagystana düşýär.

2019-njy ýylda Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etdi. Bir aý mundan ozal Aşgabatda SPEKA günleri geçirildi, onuň çäklerinde söwda we üstaşyr amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine, sebitde serhetüsti önümçilik – ýerleýiş halkasyny kemala getirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirildi.

SPEKA gatnaşyjy ýurtlaryň sanawyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Owganystan girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022