BMG-niň Baş Assambleýasy 2020 üçin $3.07 milliardlyk býujeti tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG-niň Baş Assambleýasy 2020 üçin $3.07 milliardlyk býujeti tassyklady
Guramanyň 2020-nji ýyldaky býujeti tamamlanyp barýan ýyldakydan 23 million dollar artyk boldy.

Anna güni BMG-nyň Baş Assambleýasy Guramanyň 2020-nji ýyl üçin 3,07 milliard dollardan gowrak býujetini kabul etdi.

Şu ýylda möçber BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş tarapyndan ilki soralan möçber bilen deňeşdirilende takmynan 8 million dollar artdyryldy.

1973-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Guramanyň býujeti diňe 1 ýyly öz içine alýar, şu wagta çenli ol 2 ýyla degişli edilýärdi.

Guramanyň 2020-nji ýyldaky býujeti tamamlanyp barýan ýyldakydan 23 million dollar artyk boldy.

Habarda: “Baş Assambleýanyň administratiw we maliýe meseleleri bilen meşgullanýan bäşinji komiteti býujeti ilki bilen şol gün ara alyp maslahatlaşdy we tassyklady, soňra ol komitetiň hasabatlarynyň esasynda seredilmek we kabul edilmek üçin Assambleýa geçirildi” diýip belleniýär.

Baş Assambleýanyň başlygy ilçi Tijani Muhammad-Bandeniň aýtmagyna görä, BMG-nyň 2020-nji ýyl üçin maksatnamalar boýunça býujeti Guramanyň Sekretarlygy tarapyndan onuň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin talap edilýän serişdeler bilen üpjün edýär, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin Hereketleriň ongünligini üstünlikli başlatmak üçin maliýe binýadyny emele getirýär.

Ilçi BMG agza ýurtlaryň hemmesiniň geljek ýylda Durnukly ösüşiň maksatlaryny (DÖM) ýerine ýetirmek boýunça tagallalaryny berkitjekdigine ynam bildirdi. Baş Assambleýanyň ýolbaşçysynyň ýatladyşy ýaly, Maksatlar dünýäde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen. Durnukly ösüşiň 17 maksady mätäçlige, gender deňsizligine, howanyň üýtgemegine garşy göreşi öz içine alýar.

Dünýä liderleri 2015-ni ýylda DÖM-i kabul edip, olary 2030-njy ýyla çenli ýerine ýetirmek hakynda ylalaşdylar. Türkmenistan DÖM-i resmi taýdan kabul eden we olary ösüşiň milli maksatnamalaryna we strategiýalaryna girizen ilkinji döwletleriň biridir.

2022