Russiýa GDA ýurtlary üçin Ýeňşiň 75 ýyllygy medallaryny taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa GDA ýurtlary üçin Ýeňşiň 75 ýyllygy medallaryny taýýarlaýar
GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralary şu ýylyň 1-nji fewralyna çenli medallaryň gowşuryljak adamlaryň sanyny Russiýanyň Daşary işler ministrligine habar berer.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 30-njy dekabrda GDA ýurtlary üçin 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli medallary taýýarlamak baradaky buýruga gol çekdi.

GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralary şu ýylyň 1-nji fewralyna çenli medallaryň gowşuryljak adamlaryň sanyny Russiýanyň Daşary işler ministrligine habar berer.

Medallar 2020-nji ýylyň 1-nji martyna çenli diplomatik ýol bilen GDA ýurtlaryna ugradylar.

GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň oktýabrda Aşgabat şäherinde geçen mejlisinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi kabul edilipdi.

Şeýle hem 20-nji dekabrda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Liderleriniň resmi däl duşuşygynda Ýeňşiň 75 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda maslashat edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022