Türkmen dokma önümleri Frankfurt sergisinde görkezilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen dokma önümleri Frankfurt sergisinde görkezilýär
Aşgabadyň dokma toplumy “Heimtextil-2020”-de täze öndürip başlan “Goza” we “Wada” haryt nyşanly önümlerini sergide görkezýär.

Türkmen dokma önümleri Germaniýanyň Franfurt şäherinde geçirilýän “Heimtextil-2020” atly dokma önümleriniň halkara sergisinde görkezilýär.

Sişenbe güni başlan dokmaçylyk sergisine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan topar gatnaşýar.

Aşgabadyň dokma toplumy “Heimtextil-2020”-de täze öndürip başlan “Goza” we “Wada” haryt nyşanly önümlerini sergide görkezýär. Şonuň bilen birlikde “Nusaý”, “Merw” haryt nyşanly önümler sergä aýlanýanlaryň ünsüni çekýär. Şeýle hem türkmen halylaryna myhmanlar tarapyndan gyzyklanma bildirilýär.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň “Messe Frankfurt” sergiler kompaniýasynyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň dokma önümlerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Her ýylyň ýanwar aýynda geçirilýän “Heimtextil-2020” sergisinde bu ýyl 65 ýurtdan 3,500-e golaý kompaniýanyň stendleri gurnaldy. Sergi anna güni işini tamamlaýar.

2022