“Kobea Group” Özbegistan kriptowalýutasynyň satuwyna başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kobea Group” Özbegistan kriptowalýutasynyň satuwyna başlady
Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Taslamalary dolandyrmak boýunça milli agentligi “Kobea Group” kompaniýasyna kripto-birža hereketini amala aşyrmak üçin ilkinji ygtyýarnamany gowşurdy.

Özbegistanyň hökümeti tarapyndan sertifikatlaşdyrylan, kriptowalýuta biržasyny dolandyrmak hukuklaryna eýe bolan Günorta Koreýanyň “Kobea Group” kompaniýasy şu ýylyň 3-nji ýanwarynda özüniň “UzNEX” kripto-biržasynda “UzNEX Coin” (UNB) kriptowalýutasynyň satuwyna başlady. Bu barada kompaniýanyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

““UzNEX Coin”-nyň umumy möçberi 8,000.000.000 barabar we gelejekde artdyrylmagy göz öňüne tutulmaýar. “UzNEX Coin” esasan-da, “EthereumBlockchain” bilen işleýär we “ERC-20” kysymy boýunça öndürilýär”, diýip “UzNEX”-niň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Geçen ýylyň 23-nji dekabrynda Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Taslamalary dolandyrmak boýunça milli agentligi “Kobea Group” kompaniýasyna kripto-birža hereketini amala aşyrmak üçin ilkinji ygtyýarnamanyň gowşurylandygy barada beýanat berdi.

Taslamalary dolandyrmak boýunça milli agentligiň aýtmagyna görä, “Kobea Group” tehnologiýalar kompaniýasy bolup, sanly ykdysadyýet pudagynda, şol sanda blokçeýn tehnologiýasy boýunça dürli çözgütleri hödürleýär.

Bu kompaniýa Özbegistanyň kripto-aktiwleriň dolanşygynda milli kanunlarynyň talaplaryna laýyklykda, şeýle hem jenaýatçylyk ýoly bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorizmi maliýeleşdirmäge garşy göreşde (FATF resminamalaryna we teklipnamalaryna halkara standartlaryna laýyklykda) hereketleri amala aşyrýar.

2022