Türkmenistanda täjirçilik syry düşünjesi we kanunçylygy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täjirçilik syry düşünjesi we kanunçylygy
Täjirçilik syry kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň ykdysady, maliýe, önümçilik, tehnologik we gaýry işi bilen baglanyşykly döwlet syry hasaplanmaýan habardyr.

Täjirçilik syry, munuň özi kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň ykdysady, maliýe, önümçilik, tehnologik we gaýry işi bilen baglanyşykly döwlet syry hasaplanmaýan habar bolup, onuň aýan edilmegi (berilmegi, ýaýramagy) şolaryň işine we bähbitlerine zyýan ýetirip biler.

Täjirçilik syry hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Türkmenistanyň täjirçilik syry hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň “Täjirçilik syry hakynda” kanunyndan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

Daşary ýurtly düzgünnamaly şahslaryň, olaryň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk şahslaryň täjirçilik syrynyň hukuk goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.

Türkmenistanyň “Täjirçilik syry hakyndaky” kanunyň hereket çygry

Bu kanun Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän, eýelik etmeginde, peýdalanmagynda we ygtyýar etmeginde täjirçilik syryny düzýän habar daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk şahslara, düzgünnamaly şahslara, şahamçalara, düzgünnamaly taraplaryň wekilhanalaryna (mundan beýläk hukuk eýeleri diýlip atlandyrylýar), degişlidir. Şeýle hem täsiri şeýle habaryň bellenilen tertipde mälim bolan şahslaryna hem degişlidir.

Täjirçilik syryny düzýän habara bolan talaplar

Täjirçilik syryny düzýän habar aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

  • üçünji şahsa (şahslara) mälim bolmadyk ygtybarlylygy bolan habara eýelik edýänler üçin onuň hakyky ýa-da has möhüm gymmatynyň bolmagy;
  • Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, şol habar umumy mälim ýa-da umumy elýeter bolmaly däldir;
  • habary peýdalanmagy çäklendirmegiň içerki kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny, resminamalara we beýleki habar göterijilere degişli belgi goýmagyň girizilmegini, hasaba alşyň guralyşyny, saklanylmagyny we ulanylmagyny goşmak bilen birlikde onuň ýaşyrynlygyny goramak degişli çäreler bilen üpjün edilmelidir.

Täjirçilik syryny aýan etmek

Täjirçilik syryny aýan etmek diýlip, syryň wagtyndan öň açylmagyna ýa-da gözegçiliksiz peýdalanylmagyna ýa-da ýaýradylmagyna getiren täjirçilik syryny düzýän habara ygtyýary bolan şahsyň (şahslaryň) bilkastlaýyn hereketlerine düşünilýär, munuň netijesinde bolsa, kärhananyň, guramanyň we edaranyň, ýekebara telekeçiniň bähbitlerine zyýan ýetirilendir ýa-da ýetirilip bilner.

Şu aşakdaky ýagdaýda täjirçilik syrynyň aýan edilmegi hasaplanylmaýar:

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan halatlarda täjirçilik syryny düzýän habaryň üçünji şahsa (şahslara), şeýle hem hukuga eýelik edijä hukuk, hasaphana, gaýry maslahatçylyk ýa-da wekilçilik hyzmatlaryny bitirýän ýa-da onuň üçin belli bir işleri ýerine ýetirýän şahsa (şahslara) habar berilmegi, şunda munuň özi şol hyzmatlary bitirmek ýa-da işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolsa, habaryň ýa-da maglumatyň berilmegi täjirçilik syrynyň aýan edilmegi hasaplanylmaýar.

BT Hukuk Bölümi

2022